Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

  • 17.11.2024 20:53
  • 8.2k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti we «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama gol çekmek dabarasy bu ýokary okuw mekdepde geçirilen «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde geçirildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.

Gol çekilen Ähtnamanyň esasynda nebit we gaz, geologiýa barlaglar, himiýa tehnologiýalar, sanly ykdysadyýet, şeýle hem täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeler, «ýaşyl» ykdysadyýet ulgamlarynda, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ekologiýa meselelerini çözmek babatda bilelikdäki barlaglary we taslama işlerini giňeltmek hem-de ösdürmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we ýaş alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijelerini halkara indekslenýän ylmy žurnallarda bilelikde neşir etmek meýilleşdirilýär. 
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de «Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barylýar.
«Petronas» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň professorlary we mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin nebitgaz pudagynyň desgalaryna innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça onlaýn okuwlary, okuw maslahatlary yzygiderli guraýarlar. Häzirki wagtda Tehnologik uniwersitetiň professorlarynyň dördüsi türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary üçin dürli temalar boýunça bir hepdelik umumy okuw maslahatlaryny geçirýärler.


06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.5k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...

17.02.2026 13:06
838

Apple mart aýynyň başynda «ýörite» Apple Experience çäresini geçirer

Apple kompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji martynda ýörite Apple Experience çäresiniň  geçiriljekdigini yglan etdi. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 19:00 meýilleşdirildi. 9to5Mac neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýa çäräniň resmi tertibini häzirlikçe açyp görkezmedi...

13.02.2026 23:10
6.8k+

Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi...