Türkmen talyp-sazandalary Berlinde aýdym-saz we kinofestiwalyna gatnaşýar

  • 17.11.2024 20:48
  • 2k+

12-21-nji noýabr aralygynda Berlinde «Geljek häzir – Merkezi Aziýa» atly aýdym-saz festiwaly geçirilýär. Türkmenistandan festiwala Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary S.Atanyýazow, K.Bäşimow we A.Babagulyýew dagy çykyş edip, kirişli we kemençeli saz gurallarynda «Türkmenistanyň tebigaty» sazyny ýerine ýetirdiler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri ýazýar.

Festiwaly halkara medeni taslamalar boýunça ýöriteleşen «Dr. Gabriele Minz GmbH» kompaniýasy ýola goýdy.
Çäräniň maksady german jemgyýetçiligini häzirki durmuşy we medeni ýagdaý bilen otuz ýyllyk diplomatik gatnaşygy bolan Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda geljek üçin göz öňünde tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrmakdyr. Döredijilik aragatnaşygynyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan ýaş sazandalar we kinematografiýaçylar öz halklarynyň medeniýetlerini we däp-dessurlaryny görkezýärler we ýaş nemes medeniýet işgärleri bilen gepleşige girýärler.
Festiwalyň açylyş konsertinde 12-nji noýabrda Berlin filarmoniýasynda alty sany üçlük – Merkezi Aziýanyň her ýurdundan we Germaniýadan biri, tebigatyň milli aýdym-saz däplerinde şöhlelenmegi we tebigatyň käbir elementleri bilen ylhamlanan eserleri hödürlendi. Konserti guranlar bu ýaş sazandalaryň her birini tanyşdyranda, olaryň milli we halkara kamera sazlarynyň ýaryşlarynyň ýeňijileridigini bellediler.
«Geljek häzir – Merkezi Aziýa» festiwalynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan ýaş kinoçylar tarapyndan dürli žanrlarda döredilen bäş sany film görkezmek meýilleşdirilýär.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......