“Älem gözeli – 2024” bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

  • 17.11.2024 20:12
  • 16k+

Meksikanyň paýtagty Mehikoda 73-nji “Älem gözeli” halkara gözellik bäsleşiginiň finaly geçirildi. Ýer ýüzüniň iň owadan zenany ady we öz sosial taslamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçiligi üçin dünýäniň 130 ýurdunyň wekili bäsleşdi. Ýeňiji 21 ýaşly daniýaly Wiktoriýa Kýer Teýlwig boldy.

Ol Daniýanyň taryhynda ilkinji gezek bu ada eýe boldy. 
Wiktoriýa tans we telekeçilik (brilliant satmak) bilen meşgullanýar hem-de hukuk ugruny özleşdirýär.
Ol “Bakylygyň çyrasy” täjini 2023-nji ýylda titulyň eýesi bolan Nikaraguadan Şeýnis Palasiosdan kabul etdi. Täç 18 karat altyn bilen örtülip, brilliantlar we 23 altyn düri bilen bezelendir.
Birinji wise-gözel Nigeriýadan Çidimma Adetşina boldy. Ikinji orny meksikaly Mariýa Fernanda Beltran eýeledi. Üçünji orna Tailanddan Suhati Çuangsri mynasyp boldy. Baýrak alanlaryň sanawyna Wenesueladan Ileana Markes hem girdi.
Soňky gezek Ýewropanyň wekili bäsleşikde 2016-njy ýylda ýeňiji bolupdy. Şonda tituly fransiýaly Aýris Mittener aldy.
“Älem gözeli” bäsleşigi 1952-nji ýylda döredildi we ilkibaşda Pacific Knitting Mills dokma kompaniýasynyň önümlerini ilerletmek üçin gurnaldy – ol, esasan, suwa düşmek üçin geýilýän geýimleri çykarýardy. Wagtyň geçmegi bilen çäre halkara derejesine eýe boldy.
Bäsleşigiň taryhynda onuň eýesi birnäçe gezek üýtgedi, hususan-da, 1996 – 2015-nji ýyllarda oňa Donald Tramp eýeçilik etdi.
Bäsleşige gatnaşyjylar bu platformany diňe bir gözelligi görkezmek üçin däl-de, eýsem sosial meselelere ünsi çekmek üçin ulanýarlar.


05.06.2026 13:07
4.3k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....