“Gladiator 2-niň” çykmagynyň hormatyna “Airbnb” indi “Kolizeýi” kärendesine almaga mümkinçilik berýär

  • 16.11.2024 20:43
  • 8.4k+

“Airbnb” platformasy Rimiň meşhur Kolizeýini ekzklýuziw (aýratyn) agşam gezelençleri üçin kärendesine almak mümkinçiligini yglan etdi. Bu çäre Ridli Skottyň režissýorlyk eden “Gladiator” filminiň ikinji bölüminiň çykmagy mynasybetli gurnaldy.

7-nji we 8-nji maýda gün ýaşandan soň, taryhy ýadygärlige diňe 16 adam baryp biler. Garaňkydan soň ilkinji gezek myhmanlara Kolizeýa girmäge rugsat berler, ýöne ol ýerde tutuş gijäni geçirmek mümkin bolmaz.
Giriş biletiň bahasy 9 dollar bolar.
Amfiteatryň ýerasty bölegine, ýagny gipogeuma alyp barmak üçin myhmanlary dabaranyň ussady garşy alar. Şol ýerde myhmanlar gladiator eşiklerini geýmäge we gladiator söweşiniň täzeden guralmagyna gatnaşmaga çagyrylar.

“Maksimus we başga-da köp sanly söweşijileriň içinden geçen Kolizeýiniň fakel labirintlerinden geçiň. Taryhy yzlardan ýöräp, olaryň ykbaly we özüňiz hakynda pikirleniň. Gladiatorlaryň gözüňiziň öňünde janlanýan tolgundyryjy söweş pursatlaryndaky gylyçlaryň we galkanlaryň simfoniýasyndan (owazynda) lezzet alyň. Olara üns beriň, sebäbi ýakyn wagtda siziň hemnobatyňyz geler" diýip, waka barada habar berýän "Airbnb" ýazýar.

Çärä başlamazdan ozal myhmanlara üzüm, nar, badam we hoz ýaly tagamlar hödürlener.

“Ýöne ol ýerde açgöz bolmaga mümkinçiligiňiz ýok. Iýmitiň aşa köp sarp edilmegi duýgyňyzy peselder we refleksleriňizi haýalladar" diýip, şol ýazgyda bellenilýär.

Oňa gatnaşmak üçin sargyt buýurmalary 27-nji noýabrda sagat 18:00-da "Airbnb" web sahypasynda kabul edilip başlanar diýip, daily.afisha.ru habar berýär.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......