Antarktidada ilkinji gezek ýantar tapyldy: ol 90 mln ýyl ozal döräpdir

  • 16.11.2024 07:46
  • 11k+

Germaniýanyň Bremen uniwersitetiniň hünärmenleri britaniýaly kärdeşleri bilen bilelikde Antarktidada ýantaryň ilkinji nusgalaryny tapdylar. Daşa öwrülen şepbik baryp 2017-nji ýyda Amundsen deňziniň düýbünden çykarylan kernde gizlenen eken. Bu barada Antarctic Science (AS) žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, Sci.News habar berýär. 

Seljerme tapylan ýantaryň ýaşynyň, takmynan, 90 mln ýyldygyny görkezdi, bu bolsa hek döwrüne gabat gelýär.

“Antarktika ýantarynda mikrobölejikler görnüşinde agaç gabygynyň bolmagy mümkin. Onuň gaty, dury we ýarym dury bölejiklerini göz öňünde tutsaň, ýantar ýokary hilli bolup, bu onuň ýeriň üstüne ýakyn gizlenendigini görkezýär” – diýip, ylmy gözlegleriň awtorlarynyň biri Henni Gerşel belledi.
“Şepbik – bu, adatça, ösümligiň içinde ýa-da onuň üstünde, esasan, iňňe pürlüler tarapyndan bölünip çykarylýan uçýan we uçmaýan birleşmeleriň lipidde ereýän garyndysy hökmünde kesgitlenýän ösümligiň gönüden-göni önümidir. Käbir ösümlik şepbikleri bellibir şertlerde daşa öwrülip, ýantar görnüşinde geologik ýyl ýazgylarynda saklanyp bilýär” – diýip, Bremen uniwersitetinden ylmy gözlegiň baş awtory, doktor Iogann Klages düşündirýär.

Şeýle-de, hünärmenler topary şepbigiň patologik akymynyň – agajyň mugthorlar ýa-da tokaý ýangynlary sebäpli ýeten zyýanlary “bitirmek” üçin şepbik çykarýan prosesiniň alamatlaryny ýüze çykardylar. Bu açyş alymlara Antarktidanyň hek döwründe Günorta polýusyň golaýynda bar bolan gadymy tokaýlar barada has köp maglumat almaga mümkinçilik berýär.
Alymlaryň pikiriçe, ýantaryň öwrenilmegi Antarktidada taryhdan öňki iňňe pürlüleriň tokaýlaryna ösmäge mümkinçilik beren gurşawy we klimat şertleri barada gymmatly maglumat berip biler.


22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......