Dubaýda şoping festiwaly geçiriler: aksiýalar, arzanladyşlar, ýyldyzlaryň konsertleri we beýlekiler

  • 14.11.2024 12:49
  • 9.5k+

Dubaý 30-njy gyşky şoping festiwaly Dubai Shopping Festival-y (DSF) geçirmäge taýýarlanýar. Bu uly göwrümli çäre 2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda başlar we 2025-nji ýylyň 12-nji ýanwaryna çenli dowam eder.

Çäräni gurnaýan Dubaýyň Festiwallary we bölek söwdany dolandyryş departamenti (DFRE) şu ýyl maksatnamanyň 38 gün dowam edip, tutuş emirligi öz içine aljakdygyny habar berýär.
Bu döwürde şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna uly arzanladyşlar, Täze ýyl dabaralary, tematiki seýilgähler, açyk howada dynç alyş, kenarýaka çäreleri we gymmatly baýraklary utmak mümkinçiligi garaşýar:

  • 321 Festival. Dünýä belli ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda uly aýdym-saz çäresi. Ol 2024-nji ýylyň 6 – 8-nji dekabrynda “Coca-Cola Arena” stadionynda geçiriler.
  • Market Outside The Box (MOTB). Köçede geçirilýän pop-ap çäreleri we açyk asmanyň astynda tematik söwda zolaklary.
  • Canteen X. Dürli görnüşli tagamlary we gastronomik konsepsiýalary hödürleýän iýmit festiwaly.
  • Arzanladyşlar we aksiýalar: 1000-den gowrak brend müşderilere arzanladyşlary we ýörite teklipleri hödürlär.
  • Baýramçylyk çäreleri: Şäher Dubai Lights yşyk enjamlary bilen bezeler, her agşam emirligiň asmanyny feýerwerkler we dronlaryň şüweleňi bezär.

Ilkinji gezek 1996-njy ýylda geçirilen festiwal Dubaýyň ösüş strategiýasynyň möhüm bölegine we onuň halkara arenasyndaky ornunyň nyşanyna öwrüldi. Häzirki günde DSF dünýäde iň dowamly şoping festiwaly bolmagynda galýar.
Çäreleriň doly sanawy we beýleki giňişleýin maglumatlar festiwalyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......