Aşgabatda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi öz işine başlady

  • 14.11.2024 12:10
  • 2.5k+

Şu gün, 14-nji noýabrda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara gutlag iberdi.

"Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede işe girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrebaplaşdyrylýar. Maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary babatda işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny kämilleşdirmek çäreleri dowam etdirilýär. Milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri, binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan Arkadag şäherinde hem öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutany ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti b
u ýöriteleşdirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda, olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.


şu gün 19:25
69

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......