Italiýada ýadygärlikleri gorap saklamak üçin Pompeýleriň şäherine giriş çäklendiriler

  • 13.11.2024 23:45
  • 6.8k+

Italiýanyň hökümeti gadymy Pompeýler şäherini syýahatçylaryň aşa köp gelmeginden goramak üçin çäreleri görýärler. 15-nji noýabrdan başlap, syýahatçylaryň sanyna çäklendirme giriziler - günde 20 müňden köp adam gelip bilmez, petekler bolsa myhmanlaryň adyna ýazylyp şahsylaşdyrylar diýip, The Guardian habar berýär.

Bu üýtgeşmeler tomusda rekord dereje - 4 million adamyň arheologiki seýilgähe gelmegi bilen baglanyşyklydyr.
Täze düzgünler gelýänleriň sanyny çäklendirmäge we özboluşly medeni mirasy gorap saklamaga kömek eder.
Arheologiki seýilgähiň müdiri Gabriel Suhtrigel: "Syýahatçylygyň çendenaşa ýaýbaňlandyrylmagy syýahatçylara we özboluşly, näzik mirasa howp abandyryp biler" – diýip belledi.
Syýahatçylaryň sanyny çäklendirmekden başga-da, tomusda syýahatçylyk akymlaryny paýlamak üçin, seýilgähde bolmagyň dowamlylygyna wagtlaýyn çäklendirmeleri girizmek meýilleşdirilýär. Seýilgähiň ýolbaşçylygy syýahatçylara Pompeýler bilen bagly, Stabii, Oplontis we Boskoreale ýaly, beýleki taryhy ýerlere baryp görmegi öz içine alýan alternatiw gezelençleri hödürleýär. Amatly bolar ýaly, agzalan ýerleriň arasynda mugt awtobus gatnawy ýola goýlar.


23.06.2026 09:50
4.8k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.4k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......