Türkmen alymlary Indoneziýada halkara ylym ýarmarkasynda oýlap tapyşlaryny hödürlediler

  • 13.11.2024 23:15
  • 7k+

Türkmenistanyň wekilleri Indoneziýanyň Bali şäherinde geçirilen halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasyna (ISIF) gatnaşdylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmen toparyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri – häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy kafedrasynyň uly mugallymy Mekan Allyýew hem-de «Sanly ykdysadyýet» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow wekilçilik etdi.
Türkmenistanyň topary ýarmarkada inžener fizikasy we energetika ulgamynda öz ylmy işleriniň taýýarlamalaryny görkezdi. Umuman, ISIF-iň çäklerinde bilim, durmuşy ylymlar, daşky gurşaw, inžener fizikasy we energetika, ýaşaýyş durmuş, tehnologiýalar we matematika diýen ýedi ugurlar boýunça ýaş alymlaryň işleri görkezildi.
Iri halkara sergi ýarmarkasyna dünýäniň 24 ýurdundan, şol sanda Indoneziýadan, Hindistandan, Rumyniýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Çehiýadan, Singapurdan, Türkiýeden, Hytaýdan, Taýlanddan, Meksikadan, Malaýziýadan, Eýrandan, Bangladeşdan, Müsürden, Gyrgyzystandan, Wýetnamdan, BAE-den, Filippinlerden, GAR-dan we Pakistandan toparlaryň 324-si gatnaşdylar.
Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasy (ISIF) ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda halkara derejesinde ýaşlaryň gazananlaryny öwrenmäge hem-de ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen her ýyl Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy (IYSA) tarapyndan guralýar.


düýn 10:51
813

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....