Serdar Berdimuhamedow «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň açylyşy bilen gutlady

  • 13.11.2024 12:09
  • 5.8k+

Aşgabat şäherinde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly açyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy taýdan ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak festiwalyň açylmagy bilen gutlap, onuň işine üstünlik arzuw etdi.

"Häzirki wagtda Diýarymyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, milli filmleriň döredilmegine we köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda guralýan ugurdaş halkara çärelere gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýäris. Geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirildi. Bu festiwal baý mazmuna eýe bolup, kino sungaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn netijeleri berdi" diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň esasy maksady kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekden, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, "bu çärä türki döwletler bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlarynyň we bilermenleriniň gatnaşmaklary bolsa bu ugurda hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelýändigini görkezýär".


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......