Alymlar iň "ýalta" mör-möjekler hakda gürrüň berdiler. Olar ýapraklaryň üstünde ýatan ýerlerinde yssydan guraýarlar

  • 11.11.2024 14:39
  • 8k+

Hall uniwersitetiniň alymy Jeýms Gilbert Ýer ýüzündäki iň ýalta mör-möjekleri tapdy. Gürrüň Awstraliýada ýaşaýan we uzynlygy 3 mm-e ýetmeýän dunatotrips hakda gidýär.

Bu mör-möjekler akasiýa agaçlarynda, öz kereplerinden guran kiçijik höwürtgelerinde ýaşaýarlar. Beýleki üýşmeklerden tapawutlylykda, olaryň ýaşaýjylary öz sümelgelerinden asla çykmaýar diýen ýaly we köp wagtyny hereketsiz geçirýärler.
Gyzykly ýeri, dunatotripsler ýyrtyjylardan gorkmaýarlar. Olara howp salýan ýekeje zat - yssyda guramak. Olaryň özlerini alyp barşyny öwrenip ýörkä, Gilbert üýşmekdäki mör-möjekleriň aglaba böleginiň toparyň durmuşyna gatnaşmaýandygyny gördi. Olar üýşmekleriniň beýleki agzalaryna kömek bermeýärler, nesillere ideg etmeýärler we köpelmeýärler, diňe hereketsiz ýatanlaryny gowy görýärler.
Geçirilen synaglaryň dowamynda alym höwürtgeleriň birine zeper ýeten bolsa, diňe bir ýa-da iki işjeň urkaçy mör-möjegiň ony bejerip başlandygyny, beýlekileriniň biperwaý galandygyny gördi.
Gilbert ilki bu “ýalta” mör-möjekleriň ätiýaçdaky işçi güýji bolup biljekdigini öňe sürdi, ýöne soňraky barlaglar bu çaklamany ret etdi. “Ýaltalar” hereket etmek islemediler.
Alymlar “ýaltalar” üçin köpelmäge we işlemäge şert döretmäge synanyşdylar, şeýle dunatotripsleriň birini aýratyn höwürtgede goýdular. Ýöne şeýle şertlerde-de olar işjeňlik görkezmediler.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......