Aşgabatda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy başlandy

  • 11.11.2024 13:21
  • 3.3k+

Aşgabatda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy badalga aldy. Ýaryşa gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady.

Döwlet Baştutany gutlagynda bu ýaryşyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, tennis boýunça ýaş türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýandygyny belledi.

"Biz ýurdumyzda sportuň tennis görnüşini ösdürmäge uly üns berýäris, bu ugurda amatly şertleri we mümkinçilikleri döredýäris. Ýakynda bolsa Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi” diýlip yglan edilmegi hem-de degişli güwänamanyň gowşurylmagy uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda tennis boýunça milli ýaryşlar yzygiderli geçirilýär, ýaş tennisçilerimiz halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Şu halkara ýaryşyň hem Diýarymyzda sportuň tennis görnüşiniň ösdürilmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Öň habar berşimiz ýaly, ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy.
Halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlaryň, Halkara Tennis federasiýasynyň medallarynyň we şahadatnamalarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.

 

 


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......