Tesla Model S Plaid dünýäde iň tiz polisiýa awtoulagy boldy

  • 11.11.2024 10:05
  • 8.5k+

ABŞ-nyň Unplugged Performance kompaniýasy amerikan polisiýasy üçin ýörite işlenip taýýarlanan Tesla Model S Plaid elektrokarynyň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Kompaniýa onuň dünýäde iň tiz polisiýa awtomobilidigini belleýär.

Tehniki taýdan bu awtomobil raýat wersiýasyndan tapawutlanmaýar diýen ýaly, onuň aýratynlygy diňe polisiýa awtoulaglaryna mahsus reňk we gapylardaky ýazgylar boldy. Gapy bosagalarynda we öňdäki aýnada yşyk diodly çyra lentalary peýda boldy. Bortdaky kompýutere rasiýa we polisiýa üçin zerur bolan beýleki funksiýalar goşuldy. Daşky dinamik has güýçlendi, indi ony gaty sesli gürleýji hökmünde ulanmak bolýar.
Tesla Model S Plaid 1020 at güýjüne eýe boldy we tizligini 2 sekuntdan az wagtyň içinde 100 km/sag çenli artdyrýar. Elektromobiliň iň ýokary tizligi sagatda 322 km, geçýän menzili 628 km barabar. Superkar jenaýatçylaryň yzyna düşmek we jenaýat ýerlerine gyssagly barmak üçin ulanylyp bilner.
Tesla awtomobilleri ABŞ-nyň polisiýa gullugynda eýýäm köpden bäri ulanylýar. Mysal üçin, 2023-nji ýylda Unplugged Performance üýtgedilen Tesla Model Y awtoulaglaryny Anahaýmyň (Kaliforniýa) polisiýa gullugyna satdy. 2024-nji ýylda kompaniýa üýtgedilen Cybertruck üçin birnäçe polisiýa edaralaryndan sargyt kabul edendigini habar berdi. Olaryň dizaýny ilkinji gezek tomusda görkezildi. Tesla-nyň baş müdiri Ilon Maskyň özi Tesla-ny polisiýa ulaglary hökmünde ulanmak pikirini makullaýar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......