NASA Ýupiteriň häzire çenli iň ýokary hilli suratlaryny hödürledi

  • 10.11.2024 10:45
  • 5.6k+

ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasy (NASA) Ýupiteriň bu planeta gözegçiligiň tutuş taryhynda iň ýokary hilli suratlaryny hödürledi. Suratlar “Ýunona” zondy tarapyndan Gün ulgamynyň bäşinji planetasynyň golaýynda 66-njy uçuşyň çäklerinde alyndy. Kosmos enjamy 2011-nji ýylda uçuryldy we 2,735 mlrd km ýol geçip, bäş ýyldan soň, 2016-njy ýylda Ýupitere ýetdi. Şondan bäri zond Ýupiteriň we onuň hemralarynyň golaýynda yzygiderli uçup, surata düşürýär we maglumatlary Ýere iberýär.

Zond planetanyň golaýyndan soňky uçuşynyň dowamynda onuň iň ýokary hilli suratlaryny aldy. Mysal üçin, Ýupiteriň demirgazyk polýusynyň iri planda düşürilen suratlary peýda boldy.
Şeýle-de, “Ýunona” Ýupiteriň iň esasy tupanyny – “Uly gyzyl tegmili” surata düşürdi: eger 1979-njy ýylda ol Ýerden iki esse uly bolan bolsa, häzir ol biziň planetamyzdan 1,3 esse uludyr. “Ýunona” tarapyndan alnan maglumatlar “Uly gyzyl tegmil” tupanynyň çuňlugynyň, takmynan, 320 km barabardygyny görkezýär. Şeýle-de, zond gaz ägirdiniň günorta polýusynyň üstünden uçan wagty uly siklonlary surata aldy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....