OpenAI 15 mln dollara chat.com domenini satyn aldy

  • 10.11.2024 10:29
  • 1.8k+

ChatGPT-ni dörediji OpenAI kompaniýasy 15,5 mln dollara chat.com domenini satyn aldy we bu şu ýyl domen atlarynyň satuwy boýunça iň uly şertnamalaryň biri boldy.

1996-njy ýylda hasaba alnan bu domen HubSpot-yň tehniki müdiri Darmeş Şaha degişlidi. Ol domeni çat-interfeýslerini tehnologiki ösüşiň geljegi hasaplandygy sebäpli, 2023-nji ýylyň başynda 10 mln dollara satyn alypdy. Birnäçe aýdan soň bolsa chat.com domenini ep-esli girdeji bilen satdy.
Kompaniýanyň baş müdiri Sem Altman domen üçin salgylanmany X (Twitter) sosial ulgamynda paýlaşdy we bu derrew ulanyjylaryň hem KHBS-iň ünsüni özüne çekdi.
NameBio maglumatlar bazasyna görä, şertnama 2023-nji ýylyň mart aýynda baglaşyldy we domen 15,5 mln dollara satyldy, ýöne satyjy we alyjy şertnama barada giňişleýin maglumatlary uzak wagtlap aýan etmedi. Häzirki wagtda chat.com ulanyjylary ChatGPT-niň saýtyna awtomatik taýdan ugrukdyrýar, ýöne OpenAI heniz önümiň adyny üýtgetmedi, bu hem kompaniýanyň brending boýunça indiki ädimlerini soragly galdyrdy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, OpenAI kompaniýasynyň bu domeni satyn almagy onuň çat-bot we emeli aň bazarynda öz ornuny berkitmäge ymtylýandygyny görkezýär.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
995

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.2k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......