Janni Infantino Guwançmuhammet Öwekowy TFF-niň başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

  • 09.11.2024 18:05
  • 16k+

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Guwançmuhammet Öwekowy Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.

Öwekow 4-nji noýabrda Türkmenistanda TFF-niň başlygynyň saýlawlarynda bu wezipä biragyzdan saýlanypdy.
Belläp geçsek, 2023-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda döwlet Baştutany FIFA-nyň ýurdumyzda futboly ösdürmek boýunça başlangyçlaryna we tekliplerine goldaw berjekdigini nygtady. Infantino, öz gezeginde, Aşgabada sapar bilen gelendigine hoşaldygyny belledi we sowgat hökmünde Türkmenistanyň Prezidentine özüniň 10 belgili ýörite futbol lybasyny, futbol topuny we FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat berdi.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......