Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň adyny we nyşanyny kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy

  • 09.11.2024 11:27
  • 12k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigi we nyşanynyň kabul edilýändigi barada aýtdy diýip, TDH ýetirýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda hem ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde köp sanly halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyny aýtdy.


şu gün 19:25
380

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

şu gün 07:51
1.7k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.9k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......