Türkmenistan #IBelong maksatnamasynyň çäklerinde öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirdi

  • 08.11.2024 23:14
  • 6.2k+

Türkmenistan raýatsyzlyga garşy global göreşde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Bu meseläni ýok etmek boýunça alnyp barylýan ählumumy tagallalaryň çäklerinde ýurt bosgunlara we raýatlygy ýok adamlara netijeli kanuny we ynsanperwer goldawy görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat relizinde habar berilýär.

2014-nji ýylda BMG bütin dünýäde raýatsyzlygy ýok adamlar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen onýyllyk #IBelong global kampaniýasyny işe girizdi. Türkmenistan bu kampaniýa işjeň gatnaşyp, raýatsyzlyk statusyny kesgitlemegiň dünýäde iň ýaýbaň proseduralarynyň birini ornaşdyrmak bilen, görlüp-eşidilmedik netijelere ýetdi.
Häzirki günde ýurt onýyllyk maksatnamanyň çäklerinde öz wezipe borçlaryny doly ýerine ýetirdi. Soňky ýyllarda döwlet 32 müňden gowrak adama raýatlyk berip, 2019-2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny doly durmuşa geçirdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan belli bolan ähli raýatsyzlyk ýagdaýlaryny çözen raýatsyzlyk baradaky Konwensiýa ilkinji gatnaşyjy döwlet, şeýle-de raýatsyzlygy ýok etmek boýunça Global bileleşige goşulan Merkezi Aziýada ilkinji ýurt boldy.  
Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, ýurtda şeýle netijeleri güýçli syýasy erki, kanunçylyk özgertmelerini, halkara hyzmatdaşlygy, şeýle-de şahsyýeti kesgitlemek we hasaba almak ulgamlarynyň kämilleşdirilmegini utgaşdyrmak arkaly gazanmak başartdy. 


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......