Tramp ýeňiş gazanandan soňky bir günde Maskyň emlägi 20 milliard dollar, Bezosyňky 7 milliard dollar artdy

  • 08.11.2024 14:52
  • 35k+

Ilon Maskyň baýlygy Donald Tramp ABŞ-nyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyndan soň, bir günüň içinde 20,9 milliard dollar artdy. Jeff Bezosyň baýlygy hem 7 milliard dollar köpeldi. Bu Forbesiň milliarderleriniň global reýtinginden gelýär.

Ilon Mask respublikan prezident saýlaw kampaniýasyna işjeň goldaw berdi we azyndan 132 million dollar sarp etdi.  Ol sosial ulgamy X-da wagyz geçirip, Trampyň saýlaw ýygnanyşyklarynyň birinde çykyş etdi. Donald Tramp ýeňşinden soň eden ilkinji çykyşynda telekeçini öwdi.

“Täze ýyldyz dünýä indi - ol Ilon Mask!  Şu gün agşam biri-birimizi gördük. Ol oňat oglan. Iki hepde Filadelfiýada we Pensilwaniýanyň dürli ýerlerinde bolup, saýlaw kampaniýasyna gatnaşdy. Men seni söýýärin, Ilon! Amerika biziň super zehinlerimizi goramaly, olar o diýen köp däl" diýip, syýasatçy aýtdy.

Teslanyň paýnamalary bir gijede 15% ýokarlandy. Analitikler Maskyň “Tesla” elektrik awtoulaglary, “SpaceX” raketalary, “Neuralink” beýni çipleri we beýleki iş baýlyklarynyň, esasan, hökümetiň düzgünlerine hem-de syýasatlaryna baglydygyny bellediler. ABŞ elektrik ulaglary üçin salgyt ýeňilliklerini azaltsa, Tesla beýleki awtoöndürijilere garanyňda, öz bäsdeşlik artykmaçlygyna bil baglap biler diýip, Bloomberg ýazýar.
Ses berişligiň öňüsyrasynda Bezosyň eýeçiligindäki “The Waşington Post” gazeti prezidentlige dalaşgärleri goldamakdan ýüz öwürdi. Ondan öň neşir 50 ýyl bäri Demokratik partiýanyň tarapdarydy. Bu bildirişden soň, ilkinji üç günde 200 müň adam gazet bilen abunasyny ýatyrdy, bu gazete tölegli ýazylýanlaryň takmynan, 8%-ini düzýär. Baş direktor we neşirýatçy Uill Lýuis gazetiň köp ýyllap özüni garaşsyz hasaplaýandygy sebäpli, ol “köküne dolanmak” isleýändigini, ýöne birnäçe habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Kamala Harrisi goldamak üçin bu kararyň Amazon esaslandyryjysynyň islemezligi sebäpli kabul edilendigini düşündirdi.
Tramp ýeňenden soň, “Oracle”-yň esaslandyryjysy Larri Ellisonyň baýlygy hem 11,7 milliard dollar köpeldi.  “Bloomberg”-iň belleýşi ýaly, “Coinbase”-yň esaslandyryjysy Braýan Armstrongyň we “Binance”-iň esaslandyryjysy Çanpen Çžaonyň girdejileri degişlilikde 11 we 52,7 milliard dollar artdy.


düýn 10:45
2.7k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....