Howany satýarlar: Italiýada syýahatçylara Komo kölüniň howasyny satyn almak teklip edilýär

  • 08.11.2024 11:53
  • 11k+

Italiýanyň aragatnaşyk kompaniýasy ItalyComunica 9,90 ýewro ($11) bahadan Komo kölüniň “howasy” bilen bankalary satyp başlady. Kompaniýa bu bankalarda syýahatçylaryň arasynda meşhur bolan kölüň kenarynda ýygnalan 400 millilitr “100% tebigy howanyň” konserwirlenendigini nygtaýar diýip, CNN habar berýär.

Şeýle başlangyjy öňe sürüji marketolog Dawide Abigneýl boldy. Ol “syýahatçylar çemodanda aňsatlyk bilen daşap biler ýaly” hem-de “nämedir bir üýtgeşik, gyzykly” ýadygärlik sowgadyny döretmek isledi.

“Bu önüm däl, bu ýüregiňizde göterýän täsirli ýatlamaňyz” – diýip, ol interwýuda aýtdy. Ol syýahatçylaryň öýe baryp, bankany açandan soň, ony ruçka goýmak üçin ýadygärlik esbaby hökmünde ulanyp biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de bolsa, bu pikir hemmäni haýran galdyrmady. Komonyň häkimi Alessandro Rapineze ýadygärlik sowgady hökmünde adaty ýerli önümleri, mysal üçin, sebitiň belli ýüpek şarflaryny makul hasaplaýandygyny aýtdy.

“Eger kimdir biri öýüne birneme howa alyp gitmek islese, bu, eger ol özi bilen bu ýer barada ajaýyp ýatlamalary-da alyp gitse, erbet däl” – diýip, ol belledi.

Komo köli syýahatçylaryň arasynda özüniň diňe bir gözel peýzažy bilen däl, eýsem meşhur şahsyýetler bilen baglanyşygy boýunça-da bellidir. Mysal üçin, howdanyň golaýynda Jorj Kluniniň öýi bar, mundan başga-da, bu ýerde “Kazino Roýal” (Казино Рояль) we “Guççi öýi” (Дом Гуччи) filmleri surata düşürildi. 2023-nji ýylda bu ýere 5,6 milliondan gowrak syýahatçy gelip gördi.


şu gün 23:36
184

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
4.8k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.4k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.1k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......