Şa gyzy Ýelizaweta (soňraky şa aýaly Ýelizaweta II, 1926-2022) bilen şazada Filippiň (Edinburg gersogy, 1921-2021) 1947-nji ýylyň 20-nji noýabrynda bolan toýundan miweli tortuň bölegi Kolçesterdäki (Esseks iňlis graflygy) Reeman Dansie auksionynda 3,6 müň dollardan gowrak baha bilen satyldy. Bu başlangyç bahadan dört esse ýokarydyr diýip, The Times gazeti habar berdi.
Firma gaplamasyndaky 10x7,6 sm ölçegli bölejigi Hytaýdan bir kolleksioner satyn aldy. Tort böleginiň gapdalynda Ýelizawetanyň ýazan haty hem bar. Bu süýjülik Edinburgdaky Holirud köşgünden hojalykçy aýal Merion Polsona ýaşlara beren desert serwizi üçin minnetdarlyk hökmünde iberilipdir. Polson aradan çykandan soň, tort bölegi beýleki zatlar bilen birlikde krowatyň aşagynda çemodanda saklanypdyr we ýakynda şotlandiýaly maşgala tarapyndan tapyldy.
Beýikligi tas 3 metr bolan dört gatly patyşalyk toý torty McVitie & Price firmasynyň baş konditeri Fred Şur tarapyndan taýýarlanyldy. 226,7 kg agramly tort üçin gerekli zatlar başga ýurtlardan uçar bilen getirildi. Guradylan miweler Awstraliýadan, rom we brendi Günorta Afrikadan getirildi. Şeýle uzak aralykdan getirilendigi üçin oňa “10 müň mil uzynlykdaky tort” diýlip at dakyldy.
Şazada Filipp torty gylyç bilen kesip, myhmanlar üçin 2 müň bölek taýýarlady. Şolardan ýüzlerçesi minnetdarlyk hatlary bilen dünýäniň çar künjüne iberildi. Auksionyň wekili Jeýms Grinteriň aýtmagyna görä, tort bölegi gündiziň ýagtylygyndan goralandygy we oňa alkogolyň siňdirilendigi üçin gowy saklanypdyr.