Londonda Ýelizaweta II-niň hormatyna ýadygärlik peýda bolar

  • 10.09.2024 13:06
  • 4.6k+

Beýik Britaniýada şa aýaly Ýelizaweta II-niň hormatyna ýadygärlik açmak meýilnamalary tassyklandy. Heýkel Londondaky Sent-Jeýms seýilgähinde oturdylar diýip, Bi-Bi-Si habar berýär.

“Milli ýadygärlik paýtagtyň merkezinde – Sent-Jeýms seýilgähinde ýerleşer. Bu her bir adamyň merhum şa aýalyny hatyralap, gymmatly taryhymyz bilen tanşyp biljek ýeri bolar” – diýip, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer aýtdy, onuň sözleri kanselýariýasynyň habarynda getirilýär.

Ýadygärlik seýilgäh howzunyň üstünden geçýän köpriniň garşysynda, Bukingem köşgüne barýan Mell köçesiniň tarapynda ýerleşer. Bu ýer ýadygärligiň keşbini kesgitlejek ýörite komissiýa tarapyndan saýlandy.
Dizaýnerlerden we heýkeltaraşlardan teklipler 2024-nji ýylyň ahyrynda kabul edilip başlanar. Ahyrky taslamanyň 2026-njy ýylda, şa aýalynyň doglan gününiň 100 ýyllygyna çenli tassyklanmagyna garaşylýar.
Şeýle-de, hökümet Demirgazyk Irlandiýada, Uelsde we Şotlandiýada Ýelizaweta II-ä ýadygärlikleri gurmak üçin serişde bölüp berer. Şu ýylyň aprel aýynda Ýelizaweta II-niň daş-töweregi söýgüli korgi itleri bilen gurşalan iki metrlik bürünç heýkeli Okem şäherinde (Ist-Midlends sebiti) peýda boldy.
Ýatlap geçsek, Ýelizaweta II 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda 96 ýaşynda aradan çykdy. Ol Beýik Britaniýany 70 ýyl 7 aý dolandyryp, ýurduň taryhynda iň uzak höküm süren monarh boldy.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......