Beýik Britaniýada Ýelizaweta II-ä söýgüli korgi itleri bilen bilelikdäki ýadygärlik dikildi

  • 27.04.2024 12:17
  • 12k+

Beýik Britaniýada şa zenany Ýelizaweta II-niň hormatyna ýogalandan soňky ilkinji ýadygärlik açyldy. Ýurdy 70 ýyldan gowrak wagtlap dolandyran monarhyň heýkeline üç sany gowy görýän iti hem goşulypdyr diýip, The Telegraph habar berýär.

Boýy iki metrden gowrak bolan bürünçden ýasalan heýkel Beýik Britaniýanyň iň kiçi graflygy – Ratlendde, Okem şäheriniň kitaphanasynyň öňünde oturdyldy. Ýadygärligiň açylyşy merhum şa aýalynyň doglan gününiň 98 ýyllygyna gabatlandy.
Bahasy 125 000 funt sterling bolan taslama hususy haýyr-sahawatlaryň hasabyna maliýeleşdirildi.
Heýkeltaraş Haýuel Pratli heýkeliň ululygyny hakyky bolşy ýaly almandygyny, sebäbi “şa zenany Ýelizawetanyň boýunyň gysgadygyny, ýöne onuň ulaldylmaga mynasypdygyny” gürrüň berdi.
Pratli Ýelizaweta II-niň 1950-nji ýyllaryň ahyryndaky suratlaryna esaslanyp, onuň ýaş wagtyny ebedileşdirdi.
Heýkeliň açylyşyna resmi adamlar, şeýle hem Welş-korgi ligasynyň agzalary gatnaşdy: eýeleri bilen bilelikde 56 it Şotlandiýanyň ýas aýdymy bolan, şa zenany bilen hoşlaşylandaky “Sleep, Dearie, Sleep” –iň ýaňlanmagynda heýkeliň öňünden dabaraly ýöriş bilen geçdiler.


düýn 19:18
1.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......