Patyşa Karl III itler üçin tagamlaryň söwdasyny ýola goýdy

  • 18.08.2025 15:36
  • 3.4k+

Britan patyşa maşgalasynyň Şotlandiýadaky rezidensiýasynda, Balmoral galasynyň web sahypasyndaky onlaýn dükanda önümleriň täze görnüşleri peýda boldy. Indi markaly çaý önümleri, deri önümleri, oýnawaçlar we çagalar üçin kitaplar bilen birlikde itler üçin hem dürli önümleri satyn alyp bolýar.

Dükanda indi “Balmoral galasynyň aşhanalarynda elin taýýarlanan we elin bişirilen” we “dört aýakly şazadalaryňyz we şa gyzlaryňyz üçin söýgi bilen gaplanan” arassa tebigy kitirdewük kökeler satylýar. Kökäniň düzümi gury towuk çorbasyndan, bugdaý unundan we ýumurtgadan ybarat. 75 gramlyk gaplamanyň bahasy 5 funt sterling. Tagamlaryň gapdaly bilen gezelenje gidilende olary salar ýaly 30 funt sterlinge torba hem alyp bolýar.
Şeýle hem, täze harytlaryň içinde 32 funt sterlinglik boýunýüp, 40 funt sterlinglik twid ýüp we şa tugrasynyň şekili basylan 28 funt sterlinglik ýalak bar.
Patyşa Karl III bilen şa zenan Kamillanyň itleri gowy görýändikleri mälimdir. Umuman, itler hemişe britan şa maşgalasynyň aglaba nesilleriniň esasy öý haýwanlary bolupdyr.
Balmoral galasynyň dükanynyň web sahypasynda itlere niýetlenen harytlary  satmakdan alnan ähli girdejiniň haýyr-sahawata gönükdiriljekdigi aýdylýar.

Şonuň bilen bir wagtda HM King Karl III teddi aýylarynyň çäkli toplumy satuwa çykaryldy. Olaryň bahasy 224,17 funt sterling diýip, britan monarhynyň Highgrove House and Gardens atly başga bir dükanyna  salgylanýan Sky News  habar berýär .
Oýnawaç meşhur Paddington aýyjygynyň döredijileri tarapyndan ýasaldy. Ýadygärlik oýunjak kümüş reňkli moherden we pagta mahmaldan ýasalan. Ol şa wenzeli, orden talasy we Çarlz III-iň öz täç geýiş dabarasynda geýen Daňy ordeni ýyldyzynyň takyk nusgasy bilen bezelipdir. Diňe 1948 nusgasy çykaryldy. Döredijiler aýynyň "çagalar üçin däl-de, diňe uly ýaşly kollektorlar üçin" niýetlenendigini aýdýarlar.


16.06.2026 23:19
2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......