Ýelizaweta II-niň täç geýdirme dabarasyndaky brilliant monjuk 2 mln funt sterlinge satylyp bilner

  • 27.09.2024 15:08
  • 7.4k+

Noýabr aýynda Sotheby’s auksionyna iki gezek – 1937-nji ýylda patyşa Georg VI-nyň we 1953-nji ýylda şa aýaly Ýelizaweta II-niň täç geýdirme dabaralarynda göze ilen seýrek brilliant monjuk satuwa çykarylar. 500 brilliantly 300 karatdan ybarat bolan bezeg Anglsi markizleriniň aristokratik nesline degişlidi diýip, Reuters habar berýär.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, lotuň bahasy 1,3 mln funt sterlingden 2 mln funt sterlinge çenli ýetip biler. Monjuk 1960-njy ýyllarda Anglsi maşgalasy tarapyndan satylany bäri köpçülige görkezilmedi.
Käbir taryhçylar bu bezeg şaý-sepiniň düzüminde Mariýa-Antuanettanyň meşhur kolýesinden brilliantlaryň bolup biljekdigini çaklaýarlar. Bu kolýe sebäpli XVIII asyrda dawa ýüze çykypdy: Fransiýanyň şa aýaly ogurlykda aýyplandy. Hakykatda bolsa bezeg aldawçylar tarapyndan ogurlanypdy.
Ženewadaky auksiondan öň monjuk dünýä paýtagtlaryna aýlanar – ony Londonda, Nýu-Ýorkda, Gonkongda, Singapurda we Dubaýda görerler.


19.06.2026 19:18
3.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......