Internetde Trampyň saýlawlarda gazanan ýeňşinden soňky tansy şüweleň döretdi

  • 07.11.2024 18:51
  • 27k+

Sosial ulgamlarda ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde saýlanan Donald Trampyň tans edýän wideosy okgunly depginde ýaýraýar. Respublikan partiýasyndan dalaşgär saýlawlarda ýeňiş gazanandygy yglan edilenden soň, Floridada geçirilen mitingde Village People disko-toparynyň YMCA aýdymynyň astynda tans etdi.

Tramp YMCA kompozisiýasyny ilkinji gezek 2020-nji ýylda geçenki saýlawdan öňki kampaniýada ulandy, ýöne, bilşimiz ýaly, kampaniýa onuň demokrat Jo Baýdenden ýeňilmegi bilen tamamlandy. Şondan bäri bu aýdym onuň saýlawdan öňki çäreleriniň nyşanyna öwrüldi. Tramp bu aýdymy respublikaçylardan dalaşgäri goldamaýan Village People toparynyň lideri Wiktor Uillisiň ençeme gezek garşy çykmagyna garamazdan, öz kampaniýalarynda ulanmagyny dowam etdirýär.
Ýatlap geçsek, Associated Press agentliginiň we beýleki iri amerikan habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Tramp saýlaw wekillerinden 270-den gowrak ses alyp, ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti saýlandy. Aýgytly artykmaçlygy dört “durnuksyz” ştatdaky – Demirgazyk Karolinadaky, Jorjiýadaky, Pensilwaniýadaky we Wiskonsindäki saýlawçylaryň goldawy üpjün etdi. Onuň garşydaşy – Demokratik partiýadan dalaşgär Kamala Harris eýýäm öz ýeňlişini boýun aldy.
ABŞ-nyň täze Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçiriler.
ABŞ-da Prezident saýlawlarynyň resmi netijelerini tassyklamak prosesi çylşyrymly we her ştat tarapyndan sesleriň aýratyn sanalmagyna baglydyr, sebäbi ýurtda netijeleri yglan etmek üçin bir umumy edara ýok. Şonuň üçin umumy ýagdaýy amerikan medialary we habarlar agentlikleri ýygnaýar.


düýn 20:25
7.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.4k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......