Türkmenistanyň Prezidenti 10 aýyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 07.11.2024 02:32
  • 17k+

6-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde degişli ösüş maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berildi.
Baş prokuror B.Muhamedow işleriň netijeleri, şol sanda ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýerine ýetirilen işleriň jemleri, jemgyýetçilik tertibini saklamak, jenaýatçylygyň öňüni almak, Ýol gözegçiligi gullugynyň we Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we işgärler kuwwatyny berkitmek üçin hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, birnäçe etrap bölümleriniň döwrebap binalarynyň ulanmaga berlendigi barada aýdyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permanyň taslamasy hödürlenildi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde döwrebap tehniki serişdeleriň giňden ulanylyşy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, serkerdeleriň, ýaş serhetçileriň hünär endiklerini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada aýdyldy.
Adalat ministri M.Taganow düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak maksady bilen görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow gullugyň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatsyzlyk meselesi bilen bagly işler boýunça Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan netijeli çäreleriň görülýändigini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edarasy bilen sebitleýin maslahaty guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:43
2k+

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy raýatlaryň özara syýahatlaryny ýönekeýleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Seul şäherinde migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň......

düýn 15:59
765

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Pakistanyň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Şahid Haliliň ýolbaşçylygyndaky wekiller iki ýurduň......

düýn 15:23
3.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar......

09.04.2026 23:46
2.3k+

Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy....