Changan bilen Huawei Hytaýda emeli aň esasynda “akylly awtozawod” açdy

  • 06.11.2024 16:13
  • 7.6k+

Changan konserni bilen Huawei kompaniýasy Hytaýyň Çunsin şäherinde sanly “akylly awtozawody” işe girizdi we bu ýerde eýýäm täze Avatr 07 krossoweriniň önümçiligi başlandy diýip, “Izwestiýa” habar berýär.

Zawod 410 inedördül metr meýdany eýeleýär. Onda 1400-den gowrak robot we 650 awtonom ulag serişdesi işläp, olar çeýe we indiwiduallaşdyrylan awtomobil önümçiligini üpjün edýär.
Zawodda Deepal S05 we Changan Qiyuan E07 modelleri-de öndürilýär. Modul ulgamynyň netijesinde, müşderiler öz awtomobilleriniň detallaryny, şol sanda reňki we konfigurasiýany saýlap bilerler. Bu hem önümçiligiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyryp, sarp edijileriň şahsylaşdyrmak isleglerini kanagatlandyrar.
Zawodyň tehnologiýa infrastrukturasy Huawei tarapyndan işlenip taýýarlandy, ol önümçiligiň ähli tapgyrlaryny hakyky wagtda ýekeje kompýuter arkaly dolandyryş ulgamyny döretdi. China Unicom, öz gezeginde, zawody ýokary tizlikli 5G aragatnaşygy bilen üpjün edýär, bu hem zawodyň özbaşdak öwrenmegi we esasy prosesleriň awtomatlaşdyrylmagy üçin emeli aň mümkinçiliklerini ulanmaga mümkinçilik berýär.


şu gün 09:36
1.8k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......