Türkmenistan Seulda 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy

  • 06.11.2024 15:07
  • 3.1k+

4-nji noýabrda Seulda 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Ço The Ýulyň ýolbaşçylygynda geçirilen foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. 

Forumyň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hem-de energiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar, sanly özgeriş we daşky gurşaw meseleleri ýaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew ýurdumyzyň giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga ygrarlydygyny belläp, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň geljegine ünsi çekdi.
14-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň netijelerine aýratyn üns berildi.
Forumyň esasy mejlisiniň ahyrynda «Üpjünçilik zynjyrlary», «Daşky gurşaw», «Sanlaşdyrma» we «Syýahatçylyk» ugurlary boýunça utgaşykly görnüşde dört bölümçe geçirildi. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri sanly aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen bölümçeleriň işine gatnaşdylar.
Forumyň netijeleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary Bilelikdäki Beýannamany we 2025-nji ýyl üçin Forumyň sekretariatynyň iş meýilnamasyny kabul etdiler şeýle hem Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň ýurtlarynyň medeni mirasynyň sergisini synladylar.
Günüň ikinji ýarymynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen bilelikdäki duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatynyň çäginde syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.
5-nji noýabrda 17-nji Hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň bäşinji nobatdaky mejlisi hem geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryna garadylar.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....