Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli okuwçylaryň arasynda «Merdana nesil – 2024» atly bäsleşik yglan edildi

  • 07.11.2024 02:15
  • 3.6k+

6-njy noýabrda ýurdumyzda «Merdana nesil – 2024» atly bäsleşigiň birinji tapgyry başlandy. Bäsleşik Halkara Bitaraplyk güni we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşik orta mekdepleriň 3–5-nji synp okuwçylarynyň arasynda oglanlary watançylyk, merdana eždatlarymyzyň däplerine hormat goýmak we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşik dört tapgyrda geçiriler:

  • 6–15-nji noýabrda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, 18–23-nji noýabrda birinji tapgyrda birinji we ikinji orny eýelän okuwçylaryň gatnaşmagynda etraplarda we şäherlerde;
  • 25-nji noýabr – 1-nji dekabr aralygynda ikinji tapgyrda birinji we ikinji orny eýelän okuwçylaryň gatnaşmagynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriler.
  • Bäsleşigiň jemleýji dördünji tapgyry dekabr aýynyň ilkinji on günlüginde Aşgabatda geçiriler we üçünji tapgyrda birinji, ikinji orunlary eýelän okuwçylar oňa gatnaşarlar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşýanlar üç tabşyrygy ýerine ýetirmeli bolarlar: türkmen halkynyň edermenligi, Watana söýgüsi, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ruhy we döwrümiziň ägirt edermenlikleri barada çeper görnüşde gürrüň bermeli (3 minut); özbaşdak gülküli, gyzykly çykyş görkezmeli (3 minut); Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gazananlaryny, bagtyýar çagalygy we dostlugy wasp edýän aýdym-saz eserini ýerine ýetirmeli (5 minut).
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijeleri boýunça, baş baýraga mynasyp bolan we birinji, ikinji hem-de üçünji orunlary eýelän mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Bäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlaryna işjeň gatnaşyp tapawutlanan mekdep okuwçylary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli geňeşlerinden Hormat hatlaryny we ýadygärlik sowgatlaryny alarlar.
Goşmaça maglumat üçin:

  • 44-86-40 - Türkmenistanyň Bilim ministrligi;
  • 44-88-55, 44-88-85 - Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi.

19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......