Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti biologiýa boýunça halkara olimpiada geçirer

  • 06.11.2024 11:39
  • 2.4k+

20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa boýunça III halkara internet olimpiadasy geçiriler.

Olimpiada gatnaşjaklary hasaba almak 10-njy noýabra çenli dowam edýär. Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň olimpiadada çykyş etmek isleýän talyplary uniwersitetiň saýtynda gatnaşmak üçin anketa doldurmaly. Hasaba alnan talyplara olimpiada çenli bir gün galanda olaryň görkezen elektron salgysyna gatnaşmak üçin login we parol ugradylar.
Olimpiadanyň ýumuşlary biologiýanyň dürli bölümleri boýunça testler hem-de mysallar görnüşinde taýýarlanyldy. Şolary ýerine ýetirmek üçin talyplara 150 minut wagt berler.
Goşmaça maglumatlary türkmen ýokary okuw mekdebiniň saýtyndan, şeýle hem +993-12-48-99-32; +993-63-58-51-11 telefon belgileri we tdlu.iolimp@gmail.com elektron salgysy boýunça alyp bolar.


düýn 20:41
1.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......