Kapadokiýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 300 sany howa şarlary asmana uçuryldy

  • 06.11.2024 11:19
  • 6.7k+

1-2-nji noýabrda Türkiýäniň Kapadokiýa sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Türkiýedäki wekilhanasynda habar bermeklerine görä, 1-nji noýabrda Newşehir şäheriniň Söwda-senagat palatalar we biržalar birleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň we Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlyk birleşiginiň (EkoAwrasya) bilelikdäki Türkiýäniň işewürleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan we Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri» atly tegelek stol görnüşindäki duşuşygy geçirildi.
2-nji noýabrda Türkiýäniň dünýä meşhur Kapadokiýada sebitinde, beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen we türk baýdaklary we şahyryň foto görnüşleri bilen bezelen 300 sany howa şarlary asmana uçuryldy.
Bir sagada golaý wagt dowam eden uçuşyň dowamynda howa şarlary Kapadokiýanyň meşhur we gözel ýerleriniň üstünden uçdular. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan howa festiwalynyň ahyrynda geçirilen uçuş dabarasy «EkoAwrasya» birleşigi tarapyndan dünýäniň görnükli şahsyýetleriniň hormatyna ilkinji gezek howa festiwaly hökmünde hasaba alyndy. Bu barada türkmen tarapyna degişli şahadatnama gowşuryldy.


Şeýle hem, geçirilen çäreleriň çäklerinde Kapadokiýanyň «Güraý» taryhy muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli surat sergisi geçirildi. Sergä gatnaşyjylar çäräniň dowamynda Türkmenistanyň medeni-taryhy, milliligi we Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli pudaklarda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikleri döretdi.


Mundan başga-da, Kapadokiýada geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulýew sebitiň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Şeýlelik bilen, Newşehir welaýatynyň häkimi Ali Fidan bilen geçirilen duşuşykda, taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Bulardan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Newşehir şäheriniň häkimi Rasim Ary bilen duşuşygy hem geçirildi. Duşuşykda söhbetdeşler türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljeginiň mümkinçiliklerini, şol sanda syýahatçylyk we şähergurluşyk ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, Newşehir şäherindäki Hajy Bektaş Weli uniwersitetinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Onda ähli talyplara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly türk diline terjime edilen kitaplar sowgat berildi.


şu gün 11:41
2.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
1.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.4k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......