UEFA-nyň howandarlygynda geçirilýän oýunlar bir minutlyk dymyşlyk bilen başlar

  • 05.11.2024 15:09
  • 18k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) şu hepde klub ýaryşlarynyň ähli oýunlarynyň Ispaniýadaky suw joşmasynyň pidalarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlykdan başlajakdygyny habar berdi.

Guramanyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, bu başlangyç Ispaniýa sebitinde weýrançylykly tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde zyýan çekenlere goldaw bildirmäge gönükdirilendir.
Şeýlelikde, sişenbe, çarşenbe we penşenbe günleri geçiriljek Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň oýunlary bir minutlyk dymyşlyk bilen başlar.
Oktýabr aýynyň ahyrynda Ispaniýanyň günorta we gündogar sebitlerine inen güýçli çabganyň netijesinde 211-den gowrak adam ýogaldy. Aýratynam, Walensiýa awtonom jemgyýeti has uly ýitgi çekdi, bu ýerde tebigy betbagtçylyk köp sanly pidalara, şeýle-de 60-dan gowrak ýoluň zaýalanmagyna we ýapylmagyna sebäp boldy.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......