Arheologlar Gresiýadan Aleksandr Makedonskiniň lybasyny tapdylar

  • 05.11.2024 14:08
  • 9.9k+

Frakiýadaky Demokrit uniwersitetinden bir arheologik topar möhüm açyş etdi: Gresiýanyň demirgazygyndaky Wergina şäherinde ýerleşýän üç şa mazarynyň birinden alymlar Aleksandr Makedonskä degişlidigi çaklanylýan köýnegi tapdylar diýip, mail.ru habar berýär.

Gyrmyzy mata pars hökümdarlarynyň şa eşigi bolan sarapisleriň suratlandyrylmasyna gabat gelýär. Ol Aleksandryň Dariý III-den üstün çykandan soň, Pars döwletiniň üstünden agalyk edýändigini görkezmek üçin, güýç nyşany hökmünde ele salnypdyr.
Arheologiki maglumatlaryň we taryhy çeşmeleriň seljermesi tapylan sarapisleriň diňe Pars şäherini basyp alan hökümdar Aleksandr Makedonskä degişlidigini tassyklaýar.
Köýnegiň tapylan ýerindäki ikinji guburda gadymy grek goşunynyň ýolbaşçysy Filipp II-iň kakasyna degişli galyndylar bar. Şeýle-de bolsa, soňraky gözlegler olaryň Aleksandryň dogany Filipp III Arrideýe degişlidigini görkezdi.
Mazarda beýleki zatlar bilen birlikde, hasa, altyndan ýaprak şekilli täç we şa nyşany bolup, olar taryhy çeşmelerde güýçlüligiň nyşany hökmünde agzalýar. Bu açyş, Makedoniýa hökümdarlarynyň, şol sanda Aleksandryň kakasy, öweý ejesi Kleopatra we ogly Aleksandr IV-iň jaýlanyşynyň hronologiýasyna aýdyňlyk çaýýar.


19.06.2026 19:49
4.5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......