Werstappen 17-nji orundan bat alyp, Braziliýanyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy

  • 04.11.2024 21:23
  • 2.2k+

“Red Bull-yň" sürüjisi Maks Werstappen “Formula 1” klasly ulag ýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Niderlandly sürüji ýaryşa 17-nji orundan başlady.

Ýaryşlar “Interlagos” aýlawynda geçirildi.
“Alpin” toparynda çykyş edýän fransuz sürüjileri Esteban Okon we Pýer Gasly pellehana degişlilikde ikinji we üçünji bolup geldiler.
Werstappen seýfti-kardan soň, soňky restartda Okondan öňe geçmegi başardy. Ondan öň niderlandly sürüji hem, fransiýaly sürüji hem, Franko Kolapinto heläkçilige uçrandan soň, ýaryş gyzyl baýdak galdyrylyp togtadylmanka, pit-stopa girmän, birnäçe ýer gazanypdy.
Werstappen indi 393 utuk toplap, çempionatyň şahsy hasabynda öňdebaryjylygyny berkitdi. Ikinji orny “Maklareniň” sürüjisi britaniýaly Lando Norris (331) eýeleýär, “Ferrariden” monegaskly Şarl Lekler (307) bolsa ilkinji üçlügi jemleýär.
Indiki ýaryş 22-24-nji noýabrda, dynç güni Las-Wegasda geçiriler.


düýn 07:51
3.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

15.05.2026 17:43
3.7k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....