Duden sözlügi nemes dilinde iň uzyn sözi saýlady: onda 67 harp bar

  • 04.11.2024 13:53
  • 3.6k+

Meşhur nemes sözlügi Duden nemes dilinde iň uzyn sözleriň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 67 harpdan ybarat bolan Grundstucksverkehrsgenehmigungszustandigkeitsubertragungsverordnung sözi eýeledi diýip, sözlügi düzüjileriň saýtynda habar berilýär.

Bu söz arkaly “ýer bölegi bilen şertnama rugsat berlende ýurisdiksiýany geçirmegiň düzgüni” aňladylýar. Bellenilişi ýaly, ol orfografiki sözlügiň öňki neşirlerindäki iň uzyn sözden 23 harp uzyndyr.
Ikinji we üçünji orunlary 58 harpdan ybarat sözler paýlaşýar. Bu Uelsiň Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyrndrobwllllantysiliogogogoch toponimi we “ýol drenažyna maýa goýumlar üçin karz hyzmaty tölegleri” manysyny berýän Strasenentwasserungsinvestitionskostenschuldendienstumlage nemes adalgasydyr.
Sanawy 56 harpdan ybarat bolup, “energiýa üpjünçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gysga möhletli çäreleriň düzgüni” diýmegi aňladýan Kurzfristenergieversorgungssicherungsmasnahmenverordnung jemleýär.
Duden-iň maglumatlaryna görä, reýtinge diňe soňky 10 ýylda işjeň ulanylan we KHBS-de azyndan bäş gezek duşan sözler goşuldy. Duden şeýle uzyn düzümli adalgalaryň, köplenç, ýuridik we býurokratik nemes dilinden gelip çykýandygyny belleýär.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......