Ýaşaýyş gurşawyna uýgunlaşmaga ukyply "awuly" bakteriýalaryň täze görnüşi açyldy

  • 04.11.2024 12:22
  • 1.9k+

Russiýanyň Tomsk döwlet uniwersitetiniň (TDU) biologlary "Limnochordia" synpyndan bolan bakteriýalaryň täze görnüşini tapdylar. Bakteriýalaryň nusgalary Tomsk oblastyndaky (welaýatyndaky) we Altaý sebitindäki çuň guýulardan tapyldy.  Bu açyş hakynda “Frontiers in Microbiology” žurnalynda ýazyldy.

Üsti açylan mikroorganizmleriň täze görnüşleri ählumumy dem alyş ulgamy we kislorod ýetmezçiligi şertlerinde ýaşamak ukyby bilen tapawutlanýar, bu bolsa olary synpyň belli wekilleriniň arasynda özboluşly edýär.

“Uzak wagtlap 2-3 km çuňlukda kislorodyň bolup bilmejekdigine ynanýardylar, sebäbi ol çuňlukda O2 öndürýän ýagtylyk we fotosintez ýok. Emma, takmynan, mundan on ýyl ozal ösümlikler gatnaşmazdan, mikroorganizmler tarapyndan öndürilýän gara kislorod diýilýän zat tapyldy.  Görnüşi ýaly, gürrüňini edýän bakteriýalarymyz hem ondan dem alyp biler" diýip, TDU-nyň Biologiýa institutynyň ösümlik fiziologiýasy, biotehnologiýa we bioinformatika bölüminiň müdiri Olga Karnaçuk "RBC Life" neşirine aýtdy.

Şeýle-de ol: “Gen ýygnananda bakteriýalary izolirlemäge başladyk. Bakteriýalar kislorodda ösüp başladylar.  Soňra bu bakteriýanyň kükürdi “dem hökmünde alyp” biljekdigini, şeýle hem bakteriýalar energiýa almak üçin beýleki organizmlerden emele gelen organiki birleşmeleri ulananda, anaerob dem alyş görnüşine geçip biljekdigini bildik.  Geohordlar (x-óρα - ýer, giňişlik) (geohor), biri-birine ýanaşyk ýerleşýän dürli geomerlerden emele gelen birmeňzeş giňişlik ulgamyny emele getirýän birmeňzeş geosistema. “Geochora” adalgasyny ylma L. S. Berg tarapyndan 1913-nji ýylda girizilipdir. Ekologik adalga) tarapyndan bu täze maşgalanyň (grekçe “geo” - Ýer), "awuly" bakteriýalar diýlip atlandyrylyşy ýaly, olar Ýeriň yssy çuňluklarynda emele gelen wodorod we kömürturşy gazy bilen iýmitlenip biler. Ýagny, bu ýüze çykarylan bakteriýalaryň uly üýtgeýiş mümkinçiligi bar bolup, olar dürli ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşyp bilýär.  Şeýle aýratynlyklar "awulylary" islendik ýerde ýaşamaga ukyply edýär" diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Hünärmeniň pikiriçe, bakteriýalaryň ýene bir özboluşly aýratynlygy “nanowirleriň” - öýjük membranalarynda sapaklaryň bolmagydyr. Bu hem olara elektronlary geçirmäge kömek edýär.
Bu açyş organiki galyndylary elektrik toguna öwrüp bilýän mikrob ýangyç öýjüklerini döretmekde ulanylyp bilner.  Geljekde şeýle ulgamlar galyndylary zyňmak meselesini çözmek bilen, bir wagtyň özünde alternatiw energiýa çeşmesi bolup biler diýip, 
rbc.ru ýazýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....