Türkmenistanda 3-5 ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşini anyklamak üçin usuly gollanma çap edildi

  • 04.11.2024 11:16
  • 7.4k+

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy «Mekdebe çenli 3-5 ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşini anyklamak» atly usuly gollanmany neşir etdi. Kitaplar ýurdumyzyň ýörite bilim edaralaryna ýetirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Çaganyň sözleýşiniň dogry, kämil bolmagy onuň mekdebe taýýarlygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Dogry sözleýiş çaganyň doly we kadaly ösmeginde juda möhüm hasap edilýär.
Usuly gollanma girişden, sözleýiş ýazmaçasyndan, ýagny çaga barada maglumat, anamnez, çaganyň irki sözleýşiniň ösüşi, lukman-mugallymçylyk işçi toparynyň çykaran netijesi, çaganyň umumy ösüşi, umumy we el hereketiniň barlanyşy, öz-özüne hyzmat etmek endiklerini barlamak, sesi emele getirýän beden agzalarynyň gurluşy, dem alşyň we sesiň ýagdaýy, ses aýdyşyny barlamak, eşidişi we sesleri aýyl-saýyl edip kabul edişi, sözüň bogun taýdan gurluşyny barlamak, sözleýşe düşünişi we aýdyşy, çaganyň pisihiki ugurlary, çaganyň häsiýeti, dil düzediş mugallymynyň gelen netijesi ýaly bölümlerden ybarat bolup, onda çaganyň sözleýşini anyklamagyň usulyýeti berilýär.
Usuly gollanmada ýerleşdirilen reňkli suratlar kitaba diňe bir bezeg bermän, eýsem her bölüm boýunça anyklaýyş işini geçirmek üçin hem ýakyndan hyzmat edýär.
Çaga bilen anyklaýyş işiniň geçirilmegi çaganyň sözleýşinde bar bolan kemçilikleri ýüze çykarmaga, düzediş işlerini dogry ýola goýmaga ýardam berer. Bu usuly gollanmadan ýörite bilim edaralarynda işleýän hünärmenler, terbiýeçiler, başlangyç synp mugallymlary, şeýle hem ata-eneler peýdalanyp bilerler.


düýn 20:41
1.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......