Singapurda suwda ýüzmek boýunça Dünýä kubogynda üç täze dünýä rekordy goýuldy

  • 04.11.2024 10:08
  • 3k+

Singapurda geçirilýän gysga suwda ýüzmek boýunça Dünýä kubogynyň üçünji tapgyrynda üç dünýä rekordy täzelendi.

Fransiýadan dört gezek Olimpiýa çempiony Leon Marşan 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzüşde täze rekord goýdy. Ol bu aralygy 1 minut 48,88 sekuntda geçdi. 22 ýaşly türgen 2012-nji ýylda amerikaly Raýan Lohten tarapyndan 1.49,63 görkezijisi bilen goýlan öňki rekordy täzeledi.
Amerikaly zenan suwda ýüzüji Regan Smit hem 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy – 54,27 sekunt. Ol özüniň Günorta Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Dünýä kubogynyň ikinji tapgyrynda goýan rekordyny (54,41) täzeledi. Regan Smit hem 22 ýaşynda.
Öz dünýä rekordyny ýene bir türgen – şweýsariýaly Noe Ponti täzeledi. 23 ýaşly suwda ýüzüji 50 metr aralyga batterflýaý usulda deslapky ýüzüşde 21,50 sekunt netijäni görkezdi. Öňki rekordy 20-nji oktýabrda Şanhaýda geçirilen Dünýä Kubogynyň tapgyrynda goýupdy (21,67).


03.02.2026 12:27
5.6k+

30 sekunt üçin 10 mln dollar: «Superboulyň» mahabat bahalary rekord goýýar

2026-njy ýylyň «Superbouly» (Super Bowl) hatda oýun başlamazdan ozal täze rekordlary goýup başlady. 9-njy fewrala geçilýän gije geçiriljek amerikan futbolynyň final duşuşygy dünýäniň iň gymmat efir wagty statusyny ýene bir gezek tassyklady...

29.01.2026 15:25
9.5k+

2 ýaşda 2 rekord: Mançesterli oglanjyk snuker boýunça Ginnesiň iki rekordynyň eýesi boldy

Mançesterli iki ýaşly oglanjyk Jud Ouens bilýardyň snuker oýnunda iki sany çylşyrymly urgyny ýerine ýetiren iň ýaş adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Jud «pool» urgusyndan soňra topy yzyna bökdürmek (bounce shot) tärini üstünlikli ýerine ýetirdi...

25.01.2026 02:55
1.5k+

Jokowiç «Uly tuwulga» ýaryşlarynda 400 ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç taryhda «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýekelikdäki bäsleşiginde 400 ýeňiş gazanan ilkinji türgen boldy. Bu rekord görkezijisi türgeniň Awstraliýanyň açyk çempionatynyň (Australian Open) dördünji tapgyryna çykmagy bilen hasaba alyndy...

24.01.2026 18:42
6.3k+

Öňki basketbolçy Dennis Rodmanyň gyzy dünýäde iň köp gazanýan futbolçy boldy

«Waşington Spirit» klubunyň we ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Triniti Rodmanyň täze şertnamasy ony dünýäde iň köp gazanýan futbolça öwürdi. Bu barada ESPN habar berýär. 23 ýaşly futbolçy Milli zenan futbol ligasyndan (NWSL) «Waşington» bilen şertnamasyny üç ýyl, 2028-nji ýyla çenli uzaltdy...