Sportda gazanan ýokary netijeleri üçin türgenlere "Toyota Camry V6” ýeňil awtoulagy sowgat berildi

  • 04.11.2024 00:40
  • 25k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny nazara alyp, türgenlere sowgatlary gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:

  • Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjowiç Begenjowa 2024-nji ýylyň 2-8-nji sentýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Pontewedre şäherinde erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolup, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagy; 
  • Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Haýitbaý ogly Matýakubowa 2024-nji ýylyň 19-28-nji sentýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Leon şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolup,   1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagy sowgat berildi. 

şu gün 07:49
2.5k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
5k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......

22.06.2026 17:52
5.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......