Aşgabatda gurluşyk, senagat, energetika pudagynyň halkara sergisi geçirilýär

  • 03.11.2024 10:17
  • 5.8k+

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagaty edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat öz işine başlaýar. Foruma gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady.

“Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda senagaty ösdürmäge, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň önümçiligini ýola goýmaga, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurmaga, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.
Himiýa senagaty hem-de elektroenergetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklarynyň hatarynda durýar.

“Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti nobatdaky serginiň we maslahatyň hem türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny belledi.
Sergi 5-nji noýabra çenli dowam eder.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....