Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi

  • 03.11.2024 09:24
  • 12k+

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi.

Köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş guraldy.
Köpçülikleýin ýörişiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowdan alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentine paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtdy. 
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny kämilleşdirmek, paýtagtymyzdaky seýilgählere we seýilbaglara talaba laýyk ideg etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly şertleri we sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleri döretmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Şeýlelikde, 6 müňden gowrak adam Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy.
Şeýle hem 2-nji noýabrda Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş tamamlanandan soňra, halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. 


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....