Şu wagta çenli öndürilen Ferrari awtoulaglarynyň 90%-i henizem ulanylýar

  • 01.11.2024 22:02
  • 7.1k+

Kompaniýanyň döredilen gününden bäri öndürilen Ferrari awtoulaglarynyň 90%-i henizem ýollarda sürlüp ýör. Bu barada Ferrari kompaniýasynyň ulanylan awtoulaglar programmasynyň ýolbaşçysy Andrea Skiolettiniň sözlerine salgylanýan Motor1 ýazýar.

Maglumatlara görä, brendiň ulanyşdaky ulaglarynyň umumy sany 300 müň birlikden geçýär.
Ferrari markasy ikinji eliň bazarynda geçginli ulag bolmagynda galýar. Alyjylaryň köpüsi brendiň awtoulaglaryny ilkinji gezek kompaniýanyň Ferrari Approved ulanylan awtoulaglar programmasy arkaly satyn alýar diýip, Scioletti belledi.
Bu programmanyň çäginde kompaniýa awtoulaglary ulanyşyň talaplaryna laýyk gelýän ýagdaýda dikeldýär we diňe 16 ýaşdan uly bolmadyk awtoulaglar üçin, hatda iki ýyla çenli zawod kepilligini hem berýär.
Ulanylan awtoulaglara ideg etmekden başga-da, kompaniýa galplyklary ýok etmek bilen, öz brendini goramak üçin çäreleri görýär. Brendiň abraýyny goramak we galp önümlere garşy göreşmek üçin, geçen ýyl Ferrari ýasama raritet modellerini goşmak bilen, 150 müňden gowrak bikanun brendlenen awtoulaglary ýok etdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......