Gananyň ilçisi Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýar

  • 31.10.2024 23:50
  • 3.3k+

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erik Owusu-Boateng bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Ilçi diplomatik işini Tähran şäherinde oturýan ýerinden alyp barýardy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar. Ikinji syýasy geňeşmeleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklary geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ikitaraplaýyn türkmen-gana gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde ilçi Türkmenistanda diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berlen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....