Hytaýyň Roewe D7 awtoulagy ýangyçdan bir gezek doldurylan bak bilen rekord 2208 km ýoly geçdi

  • 31.10.2024 23:31
  • 6.3k+

Hytaýyň Roewe D7 işewür-sedany ýangyçdan bir gezek doldurylan bak bilen rekord - 2208 kilometr ýol geçdi. SAIC konserniniň awtoulagy plugin-gibridleriň arasynda iň uzak aralygy geçmekde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

SAIC-iň berýän maglumatyna görä, modeliň pasportynda ýöreýiş ätiýaçlygynyň bary-ýogy 1400 kilometrdigine garamazdan, “netije zarýad bermezden ýa-da ýangyç guýmazdan gazanyldy”.
Dört gün dowam eden rekord sürüş Lançžou - Urumçi ugrunda geçirildi. Gatnaşyjylar 30 gradusa çenli temperaturanyň üýtgemegine, şeýle hem ýoluň köteliniň 1,6 kilometre çenli üýtgemegine duçar boldular. Ýangyjyň ortaça sarp edilişi 100 kilometre 2,49 litr bolup, yglan edilen 4,3 litrden ep-esli azdyr.
Bu model geçen ýylyň awgust aýynda hödürlenipdi we noýabr aýynda bolsa satylyp başlanypdy.
Şol bir wagtda Hytaýyň başga bir Geely modeli täze gibrid ulgamyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Ol Galaxy L6 sedanyna 2390 km aralyga çenli ýöreýiş ätiýaçlygyny berer.


13.06.2026 09:36
3.2k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......