Ilçi Ahmet Demirok Türkiýäniň we Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri we meýilnamalary barada aýtdy

  • 31.10.2024 11:59
  • 4.5k+

Türkiýäniň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 101 ýyllygyna we türkmen-türk strategik hyzmatdaşlygynyň ösüşine bagyşlanan makala bilen çykyş etdi.

Wekil türki halkynyň taryhy watany hökmünde Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, iki döwleti birleşdirýän umumy medeni mirasa we çuňňur taryhy gatnaşyklara ünsi çekdi.

“Biziň üçin taryhy watan bolan Türkmenistanda 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilen Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 101 ýyllygyny bellemäge şat. Türki halkynyň geçmişden geljege tarap şöhratly ýoly Türkestanda taryhy watanymyzda başlady, Anadolu we Balkan ýurtlaryna ýaýrady, Osman imperiýasynyň seljuklary tarapyndan geçirilip, şu günlere çenli Türkiýe Respublikasy hökmünde saklandy” – diýip, ilçi belledi.

Demirok Türkiýe tarapyndan respublikanyň dörän ilkinji asyrynda, aýratynam, demokratiýa, ykdysadyýet, ylym we halkara gatnaşyklar boýunça gazanylan üstünlikler barada belläp geçdi.

“Biziň ýurdumyz ylym, medeniýet, sungat we sport, senagat, söwda we halkara gatnaşyklary boýunça dünýä brendine öwrüldi. Biziň Anadolu obasyndan çykan alymlarymyz Nobel baýragyny alýarlar. Biz bütin dünýäde ykrar edilen sungat işgärlerimize we dünýä rekordlaryny goýýan türgenlerimize buýsanýarys” – diýip, Demirok aýtdy.

Makalada Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

“Türkiýäniň doganlyk ýurtlary we gadymy medeniýetimiziň dörän geografiki sebitleri bilen gatnaşyklary aýratyndyr. Türkiýe türki dilli döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt bolmak hormatyna eýe. Şeýle-de, Türkiýe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini goldan ilkinji ýurtlaryň biridir” – diýip, ilçi belledi we umumy taryha, dile we medeniýete esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdi.

Ilçi ýurtlaryň arasynda dowam edýän medeni gatnaşyklary belläp, mysal hökmünde türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri görkezdi.

“Türkmenistan türki dünýäsi maşgalasynyň hormatly agzasydyr. Biz Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynda doly hukukly agzalygynyň netijesinde türki dünýäsinde hyzmatdaşlygyň has-da berkidiljekdigine ynanýarys” – diýip, ilçi belledi we türki halkynyň Türkmenistanyň üstünliklerine we gazananlaryna buýsanýandygyny hem-de “iki döwlet, bir millet” ýörelgesi boýunça geljegi bilelikde gurmaga umyt bildirýändigini sözüniň üstüne goşdy.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......