«Hytaý – Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlygynyň 11-nji forumy geçirildi

  • 31.10.2024 10:23
  • 3.1k+

25-28-nji oktýabrda HHR-iň Ninsýa-Hueý awtonom sebitiniň Inçuan şäherinde «Hytaý – Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlygynyň 11-nji forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Forumda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-nyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça Hytaý komitetiniň başlygy Şen Ýueýue gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şeýle-de dabara awtonom sebitiniň, HHR-iň DIM-iň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalarynyň, işewür birleşikleriň, uniwersitetleriň we kärhanalaryň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň geňeşçisi B.Glyçmämedow öz çykyşynda ykdysadyýetiň deňagramly, ekologiýa gönükdirilen ösüşiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Bu nukdaýnazardan, diplomat Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlary, şol sanda «akylly» Arkadag şäheriniň gurluşygynda sanly we ýaşyl tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylşy dogrusynda gürrüň berdi.
Forumyň çäginde dürli çäreler, şol sanda surat sergisi, «Hytaý – Merkezi Aziýa» dostluk seýilbagynda agaç nahallaryny oturtmak çäresi we sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça utgaşykly forum geçirildi.
Forumyň netijeleri boýunça «Hytaý – Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlygynyň 11-nji forumynyň başlangyjy» yglan edildi.


düýn 22:17
929

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......