Sony “Jumanjiniň” indiki bölüminiň çykjak senesini yglan etdi

  • 30.10.2024 12:28
  • 6.7k+

Sony kompaniýasy 2026-njy ýylyň 11-nji dekabrynda “Jumanji” franşizasynyň dowamyny çykarar diýip, Deadline habar berýär.

Onuň ilkinji görkezilişi adat boýunça, seriýadaky öňki filmler ýaly, Roždestwo baýramynyň öň ýanynda bolar. Filme ýene-de Jeýk Kezdanyň režissýorlyk etmegine we baş keşplerde Dueýn Jonsonyň, Kewin Hartyň, Jek Blekiň we Karen Gillanyň oýnamagyna garaşylýar.
“Jumanji” filminiň asyl nusgasy 1995-nji ýylda surata düşürilip, onda baş keşpleri Robin Uilliams bilen Kirsten Danst janlandyrypdy. Bu Kris Wan Ollsburgyň adybir çagalar romanynyň uýgunlaşmasydy. Film dünýäde 262,8 million dollar girdeji gazandy. 1996-1999-njy ýyllar aralygynda çykan “Jumanji” multserialy şonuň esasynda surata düşürilipdi, 1996-njy ýylda bolsa “Milton Bradley Company” kompaniýasy stoluň üstünde oýnalýan adybir  oýny döretdi.
2017-nji ýylda Sony bu sýužet esasynda täze - “Jumanji: Jeňňelligiň çagyryşy” filmini çykaryp, 962,5 million dollar girdeji gazandy. 2019-njy ýylda filmiň dowamy bolan “Jumanji: Täze dereje” çykdy. Üç film bilelikde döredijilere 2,02 milliard dollardan gowrak girdeji getirdi.


düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....