DNK-da maglumatlary edil fleş diskdäki ýaly saklap bolar. Alymlar muny eýýäm etdiler

  • 30.10.2024 11:08
  • 2.1k+

Pekin uniwersitetiniň alymlar topary DNK-ny ulanyp, maglumatlary saklamagyň usulyny tapdy. Maglumat, elektron enjamlaryň işleýşine meňzeş bolup, ikilik yzygiderliligi görnüşinde kodlanýar diýip, Nature žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar.

DNK-da maglumatlary saklamagyň adaty usuly maglumatlary kodlaýan täze setirleri sintez etmekden ybaratdyr. Şeýle-de bolsa, bu proses diýseň gymmat we uzakdyr. Has tygşytly usuly gözlemek üçin alymlar epigenoma - DNK-nyň yzygiderliligini üýtgetmän, gen işjeňligini dolandyrýan molekulalara ýüzlendiler. Mysal üçin, metil toparlary DNK birikdirilip, onuň häsiýetlerini üýtgedip bilerler.
Taslamanyň ýolbaşçysy Long Szýan täze çemeleşmäniň “DNK-nyň sinteziniň çykdajysyny azaltmaga” we kodlaşdyrma prosesini has elýeterli etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Bu usul eýýäm ýönekeýdigini görkezdi: DNK bilen işlemekde tejribesi bolmadyk 60 gatnaşyjy teksti üstünlikli kodlap bildi. Bu teklip edilýän tehnologiýanyň netijeliligini tassyklaýar.

Long Szýan: "Gatnaşanlaryň köpüsi ilkibada bu usulyň işlejekdigine ynanmadylar, ýöne kodlanan yzygiderliligi görüp we takyk teksti alanlaryndan soň, bu çemeleşmäniň mümkinçiliklerine ynanyp başladylar" – diýip, pikirini paýlaşdy.

Ulgam metil toparly ýa-da şolarsyz gysga DNK böleklerini ulanýar, şonda “1” olaryň bardygyny we “0” ýokdugyny görkezýär. Bu täze setirleri sintez etmegiň ýerine, epigenetiki üýtgeşmeleri ulanyp, maglumatlary tygşytly ýazmaga we okamaga mümkinçilik berýär.
Jorjiýanyň Tehnologiýa institutynyň fizigi Nikolas Gaýz: "Maglumatlary DNK-da  saklamak baradaky ylym ýaňy ýola düşdi, ýöne gelejek şular ýaly öňdebaryjy tehnologiýalary talap edýär" – diýip belleýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....