Hytaýda elektromobillere we gibridlere bagyşlanan ilkinji muzeý açyldy

  • 29.10.2024 21:51
  • 8.8k+

BYD awtoöndürijisi Hytaýyň Çžençžou şäherinde elektromobillere we gibridlere bagyşlanan Di Space (New Energy Science Museum) muzeýini resmi taýdan açdy. Bu Hytaýda täze energiýa çeşmelerinde işleýän awtomobillere bagyşlanan ilkinji muzeýdir diýip, IXBT habar berýär.

Di Space Çžençžouwyň merkezi täjirçilik zolagynda ýerleşip, takmynan, 15 000 inedördül metr meýdany eýeleýär we dört gatdan ybarat. Sergi hem dört esasy bölege bölünýär: “Brendiň medeniýeti”, “Ussatlyk we intellektual önümçilik”, “Innowasion tehnologiýalar” we “Tehnologiýa gözlegleri”. Muzeýde 300-den gowrak eksponat hödürlenýär.
Her bir gat aýry bölüme bagyşlanýar, birinji gatda Hytaýyň NEV pudagynyň ewolýusiýasy öwrenilýär. Ikinji gatda ulag serişdelerini döretmek prosesi we awtomobil önümçilik prosesiniň esasynda duran inženeriýa gözden geçirilýär. Üçünji gat BYD-yň Blade Battery we bäşinji nesil DM-i tehnologiýasy ýaly tehnologiýalaryny öz içine alýar. Dördünji gat interaktiw giňişlik bolup, okuwçylara amaly işler bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, Di Space meýdany 8500 inedördül metr bolan açyk meýdançany we meýdany 360 inedördül metr bolan çäreler üçin ýapyk giňişligi öz içine alýar. Bu meýdançalarda BYD-yň tanyşdyryş dabaralary, häzirkizaman sergiler we goşmaça oflaýn-çäreler geçiriler.
BYD 2023-nji ýylda Çžençžouda ilkinji zawodyny açdy. Häzirki wagtda ol ýerde BYD Seal, BYD Shark we Fang Cheng Bao Bao 5 ýaly modeller öndürilýär.


17.06.2026 10:28
1.3k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.1k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......